Türkmenler

Türkmenler
Türkmenler, Түркменлер
Jemi ilat sany
c. 6 milliona
Sebitler we ilat sanlary
Flag of Türkmenistan Türkmenistan 4,248,000[1]
Flag of Eýran Eýran 1,328,585[2]
Flag of Afghanistan Owganystan 200,000[3]
Flag of Oʻzbekiston Özbegistan 152,000[4]
Flag of Päkistan Päkistan 110,000[5]
Flag of Russiýa Russiýa 46,885[6]
Flag of Täjikistan Täjigistan 15,171[7]
Flag of Ukraine.svg Ukraina 7,709[8]
Diller
Türkmen dili
Din
Köp bölegi Sünni

a. ^ Jemi millet sany Çeşmelere göra hasaplandy.
Türkmen gyzy (2017).

Türkmenler — Esasan Orta Aziýada ýaşaýan türki kowumlardan biri.

Makalamyzyñ başynda "Türkmen" sözüniň manysyna durup geçsek ähli babatda maksadymyza laýyk bolarmyka diýýän. Bu maglumaty biz ýewropa ýa-da başga ýerleriň alymlaryndan alman ,ony biz garaşsyz çeşmelerden alsak elbetde gowy bolar. Muny biz Gundogar Türkistanda (Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynyň demirgazyk günbatar bölegi) yaşap geçen alymymyz, türkişynas Mahmut Kaşgarlynyn "Divani lugat et-turk"(alymyň Bagdatda yazyp tamamlan eseri , dili Garahanlyçadyr) eseriniň "Oguzlar" babyndan alsak onda , Yslam dinine Iman eden Oguz boýlaryna Türki-Iman diylendigini bileris . Bilşimiz ýaly Yslam dinine iman etmedik oguzlarda bardyr , Mysal üçin Moldowa Respublikasynda yaşaýan Gokoguzlar(gagauzlar) uýýan dinleri Ortadoks Hristiançylygydyr ,dilleri hem oguz türkiçesine örän ýakyndyr.Mowzugymyza dolanyp gelsek , Yslamyň Orta gelmegi bilen Yslam dinini kabul edip taryh sahnasyna çykan esgerlerdir.Yslamdan öňki taryhda biz olary diňe oguzlar ýa-da türkler diyip bilýäris.Arap taryhçylarynyň aýtmagyna görä bir günde 200000 müň adam musulman bolupdyr. Ýene belläp geçmeli zat arap serkerdeleriniň beren maglumatlarynda kowsa sypdyrmayan gaçsa tutdurmaýan söweşijilerdigi aýdylyar,hatda arap serkerdeleri olary kowalamazlygy esgerlerine maslahat beripdirler , çünki olaryň atyň üstünde wagty yza seredip atan oklary nyşana has göni we dürs degýän eken.Bu söweşijiler geljekde guruljak Türkmen döwletlerini we Yslamy haçlylardan gorajak esgerlerdi.

Soltan Alp-Arslanyň Malazgirt (1071-nji ýylyň 26 awgusty) ýenişinden soň Türkistandaky we Horasandaky Türkmenler Anadola tarap göçleri ýola goýup başladylar. Anadola göçüp gelen Türkmen taýpalary öz begliklerini döredip Seljukly Soltanlaryna tabyn boldylar . Soltan Sanjaryň ölüminden soň , Anadoluda Anadolu seljukly döwleti dowam etdi . Yzda galan Türkmenler bolsa ozal Horezmşahlaryň we ol döwletiň Mongol goşunlary tarapyndan ýykylmagy netijesinde Mongollaryň golastyna düşdüler . ýöne yzda galan turkmenler Söýün Hanili taýpa birleşmesini döredip Daşoguz we Içoguz ulgamy bilen mongollara garşy durdular. Bu taýpalar esasan hem häzirki wagtda Turkmenistanyň , Owganystanyň we Eyranyň çäklerinde yaşayan Türkmenlerdir. Bu Türkmen taýpalary oguzlaryň Salyr boýuna degişlidir .Sebäbi Mongol basyp alyşlary döwründe Salyrlar Häzirki Türkmenistanyň we Eyranyň çäklerine ýaýradylar we şondan soň her topar öz toparynyň serdarynyň ady bilen atlardyrylyp başlandy. Muňa mysal edip Hywa Hany Abul Gazynyň "Ad Shajarayi Terekime" eserinde "Salyr boyunda Ärsary baý atly biri dünýäge geldi " diyip ýazýar. Bilşimiz ýaly Ärsary baba Ärsary türkmenleriniň serdarydyr. Eýrana geçen Salyrlar eyranda öz döwletini gurmagy başaran hem bolsalar ol dowlet mongollar tarapyndan ýykyldy. Soňra Anadoluda Kazy Burhaneddiniň guran dowleti hem Salyr boyuna degişlidir . Mongollardan soňra türkmen Diýarynda türkmenleriň özüne degişli bir döwlet gurulmady. Üstesinede Türkmen Diýary Hywa hanlygy, Buhara Emirligi hemde Eýran arasynda bir söweş meýdany halyna geldi. Bu adalatsyz uruşlar tä Gökdepe söweşine çenli dowam etdi. Başyndan köp söwdalary geçiren türkmen halky iň soňunda Rus patyşalygynyň gol astyna düşdi. Ondan soňra sowetler döwleti, bu halky otdan alyp suwa sokdy... 1991 nji yylda sowetler döwletiniň ýykylmasy bilen öz Garaşsyz, baky Bitarap döwletini gurmagy başaran Türkmenler,häzirki wagtda gaty dar mana eýe bolan Milletiň adyna eýe boldular. Aslynda Azerbayjan we Turkiye de yaşayan halkda ganybir doganlarymyz !!!

  1. "The World Factbook". Retrieved 18 March 2015. 
  2. "The World Factbook". Retrieved 18 March 2015. 
  3. "Ethnic Millets". Library of Congress Country Studies. 1997. Retrieved 2010-10-08. ^ Jump up to: a b
  4. Alisher Ilhamov (2002). Ethnic Atlas of Uzbekistan. Open Society Institute: Tashkent.
  5. Refugees, United Nations High Commissioner for. "UNHCR - The UN Refugee Agency" (PDF). www.unhcr.org. 
  6. 2002 Russian census
  7. 2002 Tajikistani census (2010)
  8. "About number and composition sanulation of Ukraine by data All-Ukrainian census of the sanulation 2001". Ukraine Census 2001. State Statistics Committee of Ukraine. Retrieved 17 January 2012. 

>


Copyright